- emläk
- Birine, köpçülige degişli bolan zat, mal-mülk, baýlyk.∙ Emma welin, Türkmen obalarynyň emläk deňsizligi göz-görtele görünýärdi. («Mugallymlar» Gazýeti)∙ Kärizdäki emläginiň ýanýan sesi gulagyna ýeten badyna, Gulman arçyn ylgap eýwana çykypdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Artykjan, meniň bütin emlägim seniňki! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem emläk - emlägi.◊ patyşalyk emläk — Patyşanyň garamagynda, ygtyýarynda bolan mülk, ýer we ş. m. zatlar.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.